Ultrases tolkunlaryny gowşatmaga ukyply täze material Braziliýanyň Para Federal uniwersitetiniň alymlary tarapyndan ýasaldy diýip, 17-nji martda phys.org ylym we habar web sahypasy habar berdi.

Ultrases tolkunlaryny adamyň eşidiş agzalary eşidip bilmeýär. Şeýle-de bolsa, olary beden üçin ýakymsyz hasaplap bolar. Käbir gözlegler ýokary ýygylykly tolkunlaryň adamda baş aýlanma, kelle agyry, ýürek bulanma ýaly netijeleri döredip biljekdigini görkezýär. Ultrases tolkunlarynyň gulaga eşidilmeýänligi sebäpli, howply ýagdaýda adam zyýanyň öňüni alyp ýa-da özüni gorap bilmez. Şonuň üçin ultrases barlagynyň adam bedenine täsiri babatdaky gözlegler entegem derwaýyslygyna galýar.

Bu babatda ultrases tolkunlaryny özüne siňdirýän ýa-da geçirmeýän material peýdaly bolup biler. Alymlaryň bir topary şeýle materialy işläp-taýýarlamak ugrunda iş alyp bardylar. Material kompýuter modelirlemesi arkaly döredildi.

Fizika ylymlarynyň professory Silweir Maçadonyň pikiriçe, bu gurluşyň artykmaçlygy onuň sadalygynda. “Bu oýlap tapyş uly bolmadyk çykdajy we sähelçe hyzmat bilen ýönekeý gurluşyň prototipini döretmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, onuň konfigurasiýasy gabaranyň ulu-kiçiligine laýyklykda üçin ulaldylyp we uýgunlaşdyrylyp bilner” – diýip, professor belleýär.