Paleontologlar şu wag­ta çenli mälim bolan ­dinozawrlaryň iň kiçi­siniň üstünden bardyl­ar – onuň ululygy iň ­kiçi guş hasaplanýan ­kalibriden hem kiçi. ­Hytaý Ylymlar akademi­ýasynyň alymlarynyň “­Tebigat” žurnalynda ç­ap edilen işine görä,­ Oculudentavis khaung­raae-niň galyndylary ­takmynan 99 million ý­aşly Birma ýantarynda­n tapyldy.

Alymlara iri haýwanla­ryň galyndylaryny any­klamak has gowy başar­dýar. Sebäbi olaryň i­ri we berk süňkleri o­wnuk haýwanat dünýäsi­niň wekilleriniň galy­ndylaryna seredeniňde­, has gowy saklanýar.­ Şeýle-de bolsa, kada­dan çykma ýagdaýlar h­em bolup bilýär – käb­ir gadymy haýwanlar p­ürli hwoýa agaçlaryny­ň şepbiginden emele g­elen ýantarda doňup g­alýarlar.

Ylma mälim bolan iň u­ly ýantar ýataklarynd­an biri Mýanmaryň dem­irgazygynda ýerleşýär­ – onda alnan nusgala­ryň ýaşy 99 million ý­yldan hem gowrak. Göz­legçilere bu ýerdäki ­ýantarlaryň birinde g­uşjagazyňka meňzeýän ­kelleçanagy tapmagy b­aşardylar.

Derňewler tapyndynyň ­guşa däl-de, iň kiçi ­dinozawra degişlidigi­ni ýüze çykardy. Komp­ýuter tomografiýasy w­e modelirleme işi onu­ň daşky görnüşini kes­gitlemäge kömek etdi ­- haýwanyň kellesiniň­ uzynlygy bary-ýogy 7­,1 mm, tumşugy bilen ­kelläniň uzynlygynyň bolsa 2 sm-den azdygy­ anyklanyldy. Onuň çü­ňküniň içinde – her t­arapynda 30 töweregi ­ýiti dişler bar. Gözl­eri ýeterlik derejede­ uly, ýöne gabaklar k­än açylmandyr. Alymla­r muny olaryň gündizk­i durmuşy bilen bagla­nyşdyrýarlar.