Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda uly höwes we şadyýan belleýän Nowruz baýramy türki halklaryň gadymy baýramçylarynyň biridir. Bu baýramçylyk senesi edil gündiz bilen gijäniň deňleşýän wagtyna dogry gelýär. Taryhy ýazgylarda bellenilişine we alymlaryň tassyklamagyna görä, Nowruzyň baýramçylyk hökmünde kemala gelmegi “Otparazçylyk” dinine çenli bolan döwri öz içine alypdyr. Gadym-gadymdan bu baýram päk niýetli kişileriň arzyly güni bolupdyr. Nowruz günlerinde hatda uruş-dawalar, özara düşünişmezçilikler, oňşuksyzlyklar hem togtadylypdyr. Bir-birekden edilen öýke-kineler unudylypdyr. Pederlerimiz üçin Nowruz ynsanperligiň, asudalygyň, elaçyklygyň, sahylygyň, jomartlygyň, geçirimliligiň, şadyýanlygyň, wagtyhoşlugyň, bolçulygyň, sylag-hormatyň, gadyr-gymmatyň, ösüşiň we täzelenişiň baýramy bolupdyr. Baýramçylyk günlerinde gadymda birek-birekden göwne degişmeler üçin ötünç soraşylypdyr. Il içindäki hormata eýe adamlar sylaglanypdyr, bir-biregiň göwni awlanypdyr, aýdymlar aýdylypdyr, sazlar çalnypdyr. Milli naharlar taýýarlamak, semeni gaýnatmak we ony haýyr-sahawat hökmünde goňşy-golamlara ýaýratmak däbe öwrülipdir. Bulardan başga-da baýram günlerinde dürli hereketli oýunlar, ýaryşlar hem geçirilipdir. At üstündäki guralýan oýunlar, çapyşyklar, ýalyga towusmak, goç uruşdyrmak, özara göreş ýaryşlary, gelin-gyzlaryň monjugatdy ýaly oýunlary bulara mysal bolup bilýär. Bularyň ählisinde Nowruzyň kökleri, täzelenişiň ruhy, üýtgeşik türkana ynsanperwerlik, geçirimlilik, şadyýanlyk, biri-birege berk ynam, hormat-sylag ýatyr diýsek ýaşňyşdygymyz bolmaz. Edil şu häsiýetler hem ata-babalarymyzdan asyrma-asyr, nesilme-nesil milli ruh we milli özboluşlylyk bilen Nowruz baýramy arkaly halkymyza miras galypdyr. Şunça edebi hem medeni mirasy bize ýetiren Nowruz baýramçylygy haçandan bäri bellenilýär we ol nirede döräpdir diýen soraglar her birimizi gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bu sowala jogap tapmak aňsat zat däl elbetde. Munuň üçin köp taryhyň gatyny yzarlamaly bolýar. Emma soňky ýyllarda alnyp barylan arheologik we etnografik gözlegler we ylmy barlaglar Nowruz baýramçylygy ilkinji gezek gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý galasynda we gadymy Horezmdäki Bürgütgala, Aýazgala ýaly oturymly ýerlerde bellenilendigini tassyklady. Bu barada gadymy grek we rim taryhçylarynyň eserlerinde hem maglumatlar berilýär. Ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, bu galalarda bina edilen we häzirki günlere çenli saklanyp galan “ot küreleri” Nowruzyň parfiýa, margiana, horezm diýarlarynda dörändigine aýdyň mysal bolup bilýär. Çeşmeleriň birinde “Bürgütgalanyň depesinde mawy gümmezli bina gurlupdyr. Kümmetiň töründe Ene hudaýynyň ýokary göterilen elinde zümerret daşy bolupdyr. Bahar paslynda gije bilen gündüziň deňleşýän gününde, şemsi hasap bilen hamal aýynyň birinji güni, häzirki senenamamyz boýunça bolsa 22-nji martda kümmetiň gümmüzindäki tüýnükden günüň nury bu zümerret daşyna düşüp, semeni bişirmek üçin taýýarlanylyp goýlan gazanyň aşagyna ot ýakypdyr diýen ýalyrak rowaýatlar halk arasynda häli-häzire çenli ýaşaýar” diýlip maglumat berilýär. Firdöwsiniň “Şanama” eserinde bolsa, Nowruz baýramçylygy Jemşidiň ady bilen baglanyşdyrylýar. Aýdylyşyna görä, Jemşit ynsanlara ýagşylyk etmek maksady bilen, adamlara hünär öwredipdir. Demir eredip ondan gurallary ýasamagy, binalary gurmagy, tebiplik syrlaryny, ýüp egrip geýim dokamagy, gämi ýasamagy, baglary ýetişdirmegi öwredipdir. Ahyrynda işlerini soňlanyndan soň, bir güni özüne tagt ýasadyp, onuň bilen asmana göterilip gidipdir. Eserde berilýän rowaýata görä edil şol günden Nowruz bellenilip başlanypdyr. Orta asyr Gündogar medeniýetiniň iň bir ösen döwri bolan Seljuk türkmenleriniň zamanasynyň görnükli şahyry hem-de astranomy Omar Haýýam hem özüniň Merw şäherindäki obserwatoriýasynda işlän döwründe Nowruz bilen baglanyşykly “Nowruznama “ eserini döredipdir. Ol bu eserde Nowruzyň türki halklarda haçan we nähili bellenilip geçilýändigi, baýram bilen baglanyşykly ýüze çykan däp-dessurlar, edim-gylymlar hakynda köpsanly maglumatlar beripdir. Gündogaryň görnükli şahyry we döwlet işgäri Alyşir Nowaýynyň “Taryhy mülki ajam” eserinde Jemşidiň beýik açyşlarynyň soňunda “Nowruz” bellenilendigi hakynda beýan edilýär. Eserde Jemşidiň häli adamzadyň görmedik we akyla sygmajak Çihil minarasyny gurandygy, Jemşidiň şol binadaky tagtyň üstünde dünýäniň ähli ýerine öz salamyny ýetirindigi, ähli ülkelere öz adalatyny ýaýandygy we şol günüň adyny Nowruz diýip atlandyrandygy barada aýdylýar. Elbetde Nowruzyň haçan we nähili bellenilip başlanandygyny anyk görkezmek kyn bolsa-da, şuny anyk aýtmak mümkin, bu baýram dana kişiler tarapynda bellenilip başlanylypdyr. Çünki Nowruzyň kemala gelmegi çuňňur ylmy esaslara eýe älem we tebigat kanunlaryna görä, ýagny Günüň hamal burçuna girmegi, gije bilen gündiziň deňleşmegi, günleriň uzalyp başlamagy, tebigatyň we ot-çöpleriň janlanmagy bilen bagly bolupdyr. Mundan başga-da Nowruzyň çuňňur köklerine nazar salsak, onuň kökleri iň gadymy döwürlerde ilkidurmuş adamlarynyň ekerançylyga geçeninden soň, meýdanlarda täze iş möwsüminiň başlanylmagyndan öňräkki geçirilýän daýhan baýramlaryna we ekerançylyk däp-dessurlaryna baryp direnýär.

Nowruz bize çenli ýetip gelen ajaýyp baýramlaryň biridir. Nowruz däp-dessurlaryna gadymy ata-balarymyzyň pelsepewi we mifiki dünýägaraýşyndan başlap, zamandaşlarymyzyň garaýyşlaryna çenli bolan edebi hem-de medeni aýratynlyklar siňipdir. Ol bolsa adamzat ösüşiniň her bir üstünliginden hemişe güýç we täzeçillik, millilik we nowjuwanluk alyp durýar. Gündogaryň bu iň gadymy baýramy hakynda orta asyrlarda ýaşap geçen Mawerenahrly alym Narşahy Nowruz günleri aýdylýan aýdymlar hakynda belläp geçip:”Bu gürrüňleriň bolup geçenine häzir üç müň ýyldan köpräk wagt geçdi” diýip ýazgy edýär. Baharyň we zähmetiň baýramy bolan Nowruz hakynda ine şunuň ýaly maglumatlar döwürleriň geçmegi bilen dürli hili özgerişlere sezawar bolup, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. 21-nji martdan 22-nji marta geçilýän gije, ýagny gije we gündüziň deňleşýän wagtynda köpçülik bolup üýşüp uzakly gije semeni gaýnadylypdyr. Semeni gazanynyň üsti ertesi gün açylypdyr. Täze güni ine şunuň ýaly gazanyň doly ýagdaýynda garşy almak bereketlilikden, täze hasyl ýylynyň bolçulykly gelmegi, meýdanlaryň ot-çöpden doly bolmagy arzuwlanandygyndan derek berýär. Şunuň ýaly çuňňur pelsepewi pikirlere eýlenen Nowruz baýramçylygynyň däp-dessurlary halkymyzyň hemişe ýagşy niýetde, ýagşy pikirlerde, töwerek-daşy, goňşy-golamlary bilen hoşniýetli, mähirli gatnaşyklarda bolandygyndan habar berýär. Bularyň iň esasysy bolsa, Nowruz baýramynda türkmen halkymyzyň süňňüne guýlan ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik, geçirimlilik, sahylyk, jomartlyk, biri-birege sylag-hormatlylyk, mähir-muhabbetlilik, dostuna-ýaranyna kömek etmekde janaýamazlyk ýaly asylly häsiýetleriniň, milli edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň gadymy kökleriniň ýatanlygyndadyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli däp-dessurlarymyza, baýramçylyklarymyza uly hormat goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren eşretli zamanasynda gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän milli baýramçylyklarymyz täzeçe röwüşe, giň gerime we şatlyk-şowhuna eýe bolýar. Uly şähtaçyklyk, milli buýsanç, ertirki nurana geljege bolan berk ynam bilen bellenilýän Nowruz baýramy hem halkymyzyň arzuwlan zamanasynda ynsanperwerligiň, älem we tebigat bilen özara ysnyşygyň, düşünişmegiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, mähir-muhabbetiň baýramçylygyna öwrülýär. Ine bu günki günde bolsa “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda Nowruz baýramyny şanly ýylyň özboluşlylygy, ýurtlaryň hem halklaryň dostlukly, hoşniýetli, ynsanperwer, medeni gatnaşyklarynyň mizemez, asudalygyň hem parahatçylygyň sönmez çyragy bolup orta çykan Türkmenistan Diýarymyzda täzeçe ruh, milli hem ajaýyp duýgular bilen garşy alýarys. Milli bahar baýramyny şeýle ýokary derejede bellemäge giň mümkinçilikler döredip berýän, milli däp-dessurlarymyzy, edebi hem medeni köklerimizi täzeden dikeltmekde asylly işleri ýola goýýan, halkymyzyň ynsanperwer, parahatsöýüjilik ýörelgelerine esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby