17-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça meýilleşdirilen iş saparyny amala aşyrdy.

Ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birine geldi. Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde, howanyň amatly pursatlarynda ösümlikleriň gül açýan mahalynda sährada özboluşly ajaýyp görnüş emele geldi. Onuň giňişliklerinde özüne çekiji täsinlik duýulýar. Çöllük ýerlerden geçmäge ukyply ulagda amala aşyran saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz sähranyň ajaýyp görnüşlerini synlady.

Döwlet Baştutany sazak tokaýlyklaryny synlady. Soňra Garagum sährasynyň täsin tebigy künjekleriniň birinde sähranyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we ony baýlaşdyrmak boýunça taýýarlanylan taslamalar milli Liderimize görkezildi.

Häzirki wagtda Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Garagumuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek boýunça abraýly halkara guramalary bilen bilelikdäki ylmy işleri dowam etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe bir ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, sähra ýerlerinde tokaý zolaklarynyň döredilmeginiň, aýratyn-da sazak ekilýän meýdanlaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmeklerini üpjün etmek maksady bilen, olaryň bu ýerlerde bolup, çöl ösümliklerini ylmy esasda öwrenmekleriniň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Munuň özi tebigaty öwrenmek we ony gorap saklamak bilen baglanyşykly wezipeleriň oňyn çözülmeginde uly ähmiýete eýedir. Garagum sährasynyň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony geljek nesillere ýetirmek döwlet ähmiýetli wajyp meseledir diýip, milli Liderimiz belledi we bu işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.