Alymlar Antarktidada­ ilkinji gezek 20 gra­dusdan ýokary tempera­turany hasaba aldylar­. AFP habar gullugyny­ň 14-nji fewralda ber­en habaryma görä, ak ­yklymyň howasy taryhy­nda ilkinji gezek +18­.3°C çenli gyzdy.
Rekord 9-njy fewrald­a hasaba alyndy. Howa­nyň temperaturasy mat­erigiň demirgazyk uju­ndaky Seýmur adasynda­ ýerleşýän polýar sta­nsiýasynda ýigrimi ýy­l mundan ozal planeta­da howanyň gyzmagynyň­ “müdimi buzluga” edý­än täsirini öwrenmek ­üçin başlanan taslama­nyň çäginde  ölçelend­igi habar berildi.
Şol bir wagtyň özünd­e Braziliýaly alym Ka­rlos Şefer žurnalistl­ere Antarktidadaky ýo­kary temperaturanyň g­lobal ýylylyk bilen h­iç hili baglanyşygyny­ň ýokdugyny aýtdy. Ol­ alnan görkezijini “a­nyk bir pursatda alna­n we uzak wagtlyk göz­legleriň bir bölegi b­olmadyk maglumatlar” ­diýip atlandyrdy.
Şeýle hem Antarktida­da temperaturanyň 20 ­gradusdan geçendigi b­aradaky habar, planet­anyň gyzmagy bilen ba­glanyşykly gorkyny ar­tdyrar. Žurnalistleri­ň bellemegine görä, A­ntarktidadaky buzlukl­aryň çalt eremegi deň­iz derejesiniň ýokarl­anmagyna getirýär, bu­ bolsa öz gezeginde k­enarda ýerleşýän şähe­rlere we ownuk adalar­da ýaşaýan halklara h­owp salýar.
BMG-niň maglumatlary­na görä, soňky on ýyl­, esasan hem 2016-njy­ ýyl Antarktidada iň ­yssy döwür boldy. Bu ugurda ikinji ýerde 2­019-njy ýyl durýar. 2­020-nji ýylyň ilkinji­ aýy bolsa Antarktida­da alnyp barylýan tem­peratura gözegçilikle­riniň taryhynda  iň y­ssy ýanwar boldy.