Türkiýe Euro-2020-ni ýeke özi kabul etmäge taýýar.
Şunuň bilen baglylykda, ol Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigini (UEFA) 2020-nji ýylda  Ýewropa çempionatyny özbaşdak geçirmäge çagyrdy. Bu barada AS habar gullugy habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, ýurt Türkiýäniň prezidenti Rejep Erdogan bilen UEFA-nyň başlygy Aleksandr Çeferiniň arasyndaky gowy gatnaşyklar guramanyň kararyna täsir edip biler diýip umyt edýär.

Şeýle hem, habarda koronawirus sebäpli Ýewropa guramasynyň 12-nji iýun-12-nji iýul aralygynda Ýewropanyň 12 şäherinde geçirilmeli ýaryşy häzirlikçe yza çekmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.