Marvel-iň kinematiki äleminde Möý-adamyň keşbini ýerine ýetiren iňlis aktýory Tom Holland filmiň üçünji bölüminiň surata düşürilip başlanjak senesi barada aýtdy.

Ýaş aktýor Inquirer-e beren interwýusynda “Spider man 3” filmini düşürmegiň iýul aýyna meýilleşdirilýändigini belledi. Marvel super gahryman baradaky komiksi Amerikanyň Jorjia ştatynyň Atlanta şäherinde ekranlaşdyrar.

Mundan daşary, Holland filmiň Nýu-Ýork, Los-Anjeles we Islandiýa ýaly ýerlerde bölekleýin surata düşüriljekdigini ýaňzytdy. Aktýoryň pikiriçe, täze bölümde Em Jeýiň roluny aýdymçy Zendaýa  ýerine ýetirer.