Ýuwentusyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşi alyp barmak üçin öz myhmanhanalaryny berýär. Mundan başga-da, futbolçy ähli lukmançylyk hyzmatlarynyň tölegini hem çeker diýip, “Lenta” habar berýär. Diýmek, portugaliýaly ýyldyza degişli myhmanhanalar mugt koronawirus hassahanalaryna öwrüler.

Mälim bolşy ýaly, pandemiýa howpy zerarly öňdebaryjy futbol ligalary häzirlikçe möwsümi togtatmaga mejbur boldular. Hususan-da, Italiýanyň futbol çempionaty häzirki wagtda ullakan pauzada saklanýar. Dürli çeşmeleriň habar bermegine görä, Ronaldunyň özi hem Italiýa dolanmaga howluganok. Habar beriş serişdeleri munuň esasan hem koronowirus bilen baglydygyny nygtaýarlar.