12-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň döwürleýin metbugat neşirlerinde zähmet çekýän halypa žurnalistler — “Diýar” žurnalynyň baş redaktory Gurbannazar Orazgulyýewiň hem-de “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebowyň bu ýokary okuw mekdebinde halkara žurnalistikasy hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlar bilen döredijilik duşuşygy boldy. Oňa ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, şeýle-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary we onuň netijeleri bilen hem baglanyşykly boldy.

Döredijilik duşuşygynyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ösüşlere beslenýän şu günlerinde bu ýokary okuw mekdebinde geçirilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çünki bu ýyl Türkmenistan dünýä derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzyň halkara derejesinde giň goldawa hem belent ykrarnama eýe bolan parahatçylyk döretmek, özge ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, Bitaraplyk syýasatyny dünýä ýaýmakda bolsa halkaraçy žurnalistlere uly orun degişli. Halypa žurnalistleriň ýaş kärdeşleri bilen bolan duşuşygynda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Ýaş žurnalistler Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda žurnalistikanyň publisistika žanrynda beýan edilişi, žurnalistiň döredijilik işiniň aýratynlyklary, maglumat çeşmelerinden peýdalanmagyň usullary, habar ýazmakda operatiwlik talaplary dogrusynda özlerini gyzyklandyrýan sowallara halypa žurnalistlerden degerli jogaplary aldylar. Öz nobatynda, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary hem habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Bitaraplyk syýasatyny dünýä ýaýmak, bu babatda geçilýän okuw dersleriniň ähmiýeti, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy, şeýle-de halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşýän wekilhanalary bilen alnyp barylýan gatnaşyklar, bu ugurda institutda alnyp barylýan işler baradaky sowallaryna degişli jogaplary berdiler.

Halypa žurnalistler ýaş kärdeşlerine saýlap alan hünärleriniň inçe tilsimleri, döredijilik işiniň aýratynlyklary barada öz durmuş hem iş tejribelerine esaslanyp, birnäçe maslahatlary berdiler.

Döredijilik duşuşygy “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Žurnalistika we döwür” atly gepleşigine ýazgy edildi.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

žurnalistika hünäriniň talyby.