NetMarketShare analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Windows 7 operasiýa ulgamyny ulanyjylaryň sany 2020-nji ýylyň ýanwaryndan bäri üýtgemändir. 2019-njy ýylyň dekabryndan 2020-nji ýylyň ýanwaryna çenli paýy 29.57% -den 25.56% -e çenli azalan mahaly stol üsti operasiýa ulgamylarynyň bazarynda Windows 7 mazaly pese gaçdy. Ýanwar aýyndan başlap, Microsoft Windows 7-ni goldamagyny bes etdi, şonuň üçin hem onuň ençeme ulanyjysyny ýitirmek ähtimallygy bar. Mundan naşga-da, fewral aýyndaky ýagdaýlar  ynjalyksyzlanmaga esas berýär, sebäbi görkezijiler ýanwar aýyndan bäri üýtgemedi diýen ýaly. “Windows 7”-niň aýyň başynda paýy 25.2%-e barabardy, ýagny bu operasiýa ulgamyny diňe 0,36% ulanyjy terk edipdir. Şol bir wagtyň özünde, Windows 10yň ulanyjylary bary-ýogy 0.31% artdy , ýagy ýanwar aýyndaky 57.08% görkeziji mart aýynyň başynda 57.39% -e çenli ýokarlandy.