14-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň» tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabaraly çärä ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu resminamanyň dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady durnuklylygy we ösüşi saklamak, ilatyň durmuş hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ekologiýa deňagramlylygyny saklamak ýaly ugurlarda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir.

Çäräniň çäklerinde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna» gol çekmek dabarasy boldy.