Koronawirus Ýer ýüzüne ýörişini dowam etdirýär. Bir hepde mundan öň kinostudiýalarda diňe käbir filmleriň goýberiliş senesini yza süýşürmek barada gürleşilen bolsa, indi ýagdaýlar has çynlakaýlaşdy. Netflix we Disneý studiýalary epidemiýa sebäpli filmleriniň we seriýalarynyň önümçiliginiň bes edilendigini resmi taýdan yglan etdiler. “Deadline” görä, Netflix işgärlerine howp salmazlyk üçin Kanadada we ABŞ-da önümçiligi ýatyrdy.

Beýleki tarapdan, Disneý “Suw perisi”, täze “Piter Pen”, “Söýgülim, çagalary azaltdym” proýektiniň dowamy, “Öýde ýeke özi” we başgalar ýaly ýedi sany täze işiň önümçiligini duruzdy. “Hollywood Reporter”-iň habaryna görä, bu filmleriň filmi düşürýän toparyň agzalarynyň hiç biri koronawirus bilen kesellemändir. Ýöne töwekgelçilikleriň günsaýyn artmagy bilen, kompaniýa şeýle aýgytly ädim ätmek kararyna geldi.