Aktýor Jim Karri kinosöýüjileriň söýgüsine mynasyp bolan Maskanyň keşbine dolanmagy meýilleşdirýär. Ýöne bu meşhur filmiň dowamy däl-de, eýsem, tanymal gahrymanyň myhmançylyga sapary ýaly bolar – ol “Space Jam 2” animasiýa taslamasynyň dowamynda peýda bolar.

Maska täze filme düşse hem, gynansak-da, ol diňe birkemsiz kompýuter grafikasy görnüşinde gatnaşar. Kerri bolsa öz gahrymanyna ses berer.

“Space Jam” filminiň ilkinjisi erbet gelmişekleriň toparlary bilen Bugs Bunny, Tasmanian Iblis we beýlekiler ýaly daşary ýurt multfilmleriniň garşydaş gahrymanlarynyň arasyndaky basketbol oýnuna bagyşlanypdy. Oýunçylaryň arasynda Maýkl Jordan hem bardy.