Olimpiýa alawynyň estafetasy Gadymy Olimpiýada badalga aldy – diýip, Sputnik habar berýär.

Alawyň ýakylyş dabarasy penşenbe güni bolup geçdi: baş ruhany – aktrisa Ksanti Georgiu alawy parabolik aýna ulanyp gün şöhlesi bilen ýakdy. Olimpiýa alawy ilki Gresiýa syýahat eder hem-de 19-njy martda Tokioda 2020-ni guraýjylara gowşurylar.

Dabaranyň bu sapar hiç hili tomaşaçysyz geçirilendigini bellemelidiris. Habar berlişine görä, beýle karara koronawirus sebäpli gelindi. Dabara diňe žurnalistler we 70 töweregi resmi myhman gatnaşdy. Olaryň hatarynda Gresiýanyň prezidenti Prokopis Pawlopoulos, Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah we Tokio 2020-niň guramaçylyk komitetiniň wekilleri bar.

Halkara Olimpiýa komiteti Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň öz wagtynda geçiriljekdigini nygtaýar we onuň geçiriljek ýerini üýtgetmek ýa-da düýbündem ýatyrmak baradaky ähli pikirleri ret edýär.