Google kompaniýasynyň emeli intellekti mundan beýläk suratlary tanamakda “erkek” we “aýal” teglerini ulanmaz. Bu barada kompaniýanyň özi Business Insider neşirine habar berdi. Google bu düzedişleri “etiki kadalar” hökmünde düşündirýär.

Google üýtgeşmeleriň, esasan, iki sebäbe görä bolup geçendigini hem mälim edýär. Birinjiden, emeli intellekt adamyň jynsyny diňe daşky görnüşi boýunça hemişe dogry kesgitläp bilmeýär. Ikinjiden bolsa, bu maglumatlar adamlary millet, ýaş ýa-da jyns taýdan kategoriýalara bölüp, olaryň hukuklaryna şek ýetirip biler. Mundan daşary hem, bilermenler jyns şahsyýet maglumatlarynyň beýle işlerde juda seýrek ulanylýandygyny düşündirýärler.

Bu üýtgeşme, ilkinji nobatda, Google Cloud Vision API hyzmatyna täsir eder. Ýeri gelende bellesek, Google Cloud Vision API – suratdaky mazmunyň tekst görnüşini awtomatiki almaga mümkinçilik berýän gural bilen üpjün edýän hyzmat hökmünde bellidir.