Diliňi dişleriň aňyrsynda saklap bilmek baradaky şowly çykan “Quite place” (“Ümsüm ýer”, “Тихое место”) trilleriniň dowamy prokatlara diňe mart aýynyň ortalarynda çykar. Ýöne daşary ýurtly ekspertler eýýäm filmiň ýapyk görkezilişlerine gatnaşyp ýetişdiler we bu barada öz pikirlerini Twitterde begenç bilen paýlaşdylar.

Şeýle-de bolsa, munuň heniz gutarnykly syn däldigini, bary-ýogy filmden galan ilkinji täsirlerdigini bellemelidiris.

“Collider” neşiriniň tankytçysy trilleriň dowamynyň şowly çykandygyny aýtdy. Film iki sagada golaý dowam edýän-de bolsa, bir demde görülýär hem-de ýene-de görmek islegini oýarýar.

“Filmiň gutarmazlygyny isledim. Heniz “Quiet Place 3” hakda gürleşerden irmi?” – diýip, “Collideriň” tankytçysy Stiwen Weintraub sorag berýär.

“Cinema Blend”-iň eksperti filmiň gürrüňsiz meşhur hit bolup biljekdigini belledi. Film has uzaldy, ýöne şonda-da tomaşaçylary dartgynlylykda saklamagy başardy.

IndieWire-iň žurnalisti filme ýokary baha berdi, ýöne tomaşa wagtynda çipsi iýen tomaşaçylardan nägile boldy.

Umumulykda, ekspertler režissýoryň birinji bölümiň atmosferasyny saklamagy başarandygyny bellediler.