13-nji martda Ak tamda geçirilen metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump SARS-CoV-2 koronawirusynyň ýaýramagy sebäpli federal we ýerli hökümetlere koronawirus epidemiýasy bilen baglanyşykly çäreleri has gowy utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilendigini aýtdy – diýip, “Gordon” saýty habar berýär.

“Resmi taýdan ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edýärin. Meniň hereketlerim bu kesele garşy umumy göreşimizde ştatlar, sebitler we şäherçeler üçin gaty möhüm we uly pul bolan 50 milliard dollara ýol açar. Bu karar bilen ähli ştatlary dessine operatiw täsir merkezlerini döretmäge çagyrýaryn” – diýip, saýt prezidentiň sözüni getirýär.

Adatdan daşary ýagdaý, atlandyrylyşy ýaly, Staffordyň kanunyna laýyklykda giriziler.