21-nji martda — Halkara Nowruz gününde tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy geçiriler. Bu barada TDH habar berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde döredilen tokaý zolaklaryny synlady we köpçülikleýin ekmek üçin niýetlenen bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Ekiljek nahallaryň hatarynda saýaly, pürli, miweli baglar, şol sanda arça, derek, serwi agaçlary hem bar.

Bu ählihalk bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1617-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda geçirilýär.

Ýeri gelende, Halkara Nowruz gününe bagyşlap köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasynyň indi asylly däbe öwrülendgini bellemelidiris.