Şu ýylyň 17-18-nji martynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergi geçiriler. Onuň işine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşar. Giň möçberli sergi ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ýeten derejeleri, hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlary, taýýarlan hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri görkeziler.

Sergi şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan esasy wezipelerini çözmäge goşýan goşandy, sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleri, önümçilige ýokary tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.