Agşam UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalynyň ýene iki jogap duşuşygy bolup geçdi. Netijede, çärýek finalçylaryň hataryna Ispaniýanyň we Fransiýanyň toparlary hem goşuldy.

Liwerpul 2:3 Atletiko Madrid

Ilkinji oýunda 1:0 üstünlik gazanan madridliler bu gezek Anfieldde taryha geçdiler. Oýnuň esasy bölegi Liwerpulyň 1:0 üstünligi bilen tamamlandy. Goşmaça wagtlarda mersiýsaýdlaryň brazilýaly hüjümçisi Roberto Firminýo kelle urgusy bilen hasaby 2:0 etmegi başarsa-da, oýna ätiýaçdan giren Atletiko Madridiň oýunçylary olara hezil bermedi. Sahnada Markos Llorente (2) bilen Alwaro Morata (1). Netijede, geçen ýylyň finalçylary öz turnir bilen hoşlaşmaly boldy. Hasap 2:3; iki oýunyň netijesi boýunça 2:4, üstünlik Madridiň Atletikosynda.

PSJ 2:0 Borussiýa Dortmund

Birinji oýnunda 2:1 asgyn gelen parižlylar bu gezek nemes toparyna utulmakdan başga çykalga goýmady. Gyzykly geçen duşuşykda Dortmundly oýunçylaryň hem ýeňiş üçin jan edendiklerini aýratyn bellemeli. Iki toparam howply pursatlary yzygiderli döretdiler. Oýnuň ahyrynda Borussiýa Dortmundyň ýarym goragçysy Emre Jan gyzyl petek alyp, oýundan çykaryldy.

Gollar: Neýmar (28); Bernat (45+1).

«Newashgabat».