“Hvivo” iňlis kompaniýasy kesele garşy sanjymy barlamak maksady bilen, koronawirus ýokuşdyrmak üçin meýletinçi gözleýär diýip, “The Brussels Times” 9-njy martda habar berdi.

“Hvivo” kompaniýasyna degişli Londonda ýerleşýän laborotoriýa bolan Queen Mary BioEnterprises innowasiýa merkezi iki ştamm koronawirus ýokuşdyrmak üçin 24 meýletinçiniň gerekdigini mälim etdi. Bu iki ştamm ýeňil dem alyş alamatlaryna sebäp bolar diýlip çaklanylýar.

Meýletinçilere 3500 funt (4000 ýewro töweregi) tölener, şeýle hem iki hepde karantinde saklanyp, lukmanlaryň gözegçiligi astynda derman berler.