“Eurosportuň” ýazmagyna görä, Golliwudyň asly gonkongly ýyldyzy Jeki Çan koronawiruslylaryň hataryna goşulyp biler. Geçen dynç güni, 65 ýaşly söweş sungatçysy Gonkongda 60 töweregi adam adamly oturylyşyga gatnaşdy. Olaryň käbiri koronawirus bilen keseldi. Bu üýşmeleňde tertip-düzgüne gözegçilik eden polisiýa işgärleriniň birinde koronawirusyň alamatlary ýüze çykdy. Näsagyň ýanynda bolan beýleki 59 adam indi karantin edildi. Üýşmeleňde Jeki Çanyň gapdalynda aktýorlar Alan Tamb we Aleks Fong, režissýor Erik Tsang hem bardy.

Polisiýa işgärine wirusyň ýokuşmagynyň ähtimal bir sebäbi: onuň aýalyna we gaýynenesine Gonkongyň günbataryndaky deňiz önümleri restoranynda wirus ýokuşypdyr. Bu Jekide keseliň döremek mümkinçiligini aradan aýyrýar.

65 ýaşly aktýoryň we söweşijiniň wekilleri we ýerli häkimiýetler Çanyň koronawiruslydygy baradaky maglumatyny tassyklamadylar.

Ondan öň Weibo sosial ulgamynda Jeki Çan ýokançlygyň bejergisini tapana bir million ýuan (takmynan 130 müň ýewro) wada berdi.