11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlanýar, milli Liderimiziň bu sapary azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Baku şäherinde geçiriljek şu gezekki duşuşygyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ilham Aliýew türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň esasy ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge uly üns berler. Türkmenistan we Azerbaýjan köp mukdarda tebigy serişdeler kuwwatyna, şol sanda uglewodorodlaryň ägirt uly gorlaryna eýedir, bu bolsa, strategiki taýdan möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şeýle hem iki goňşy döwletleriň çäk taýdan ýerleşişi Ýewropany we Aziýany birleşdirýän, ýük daşamakda halkara logistika düzümine goşulyşmagy üçin amatly gury we deňiz ýollaryny üpjün edýän döwrebap yklymlara aragatnaşyk geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary amala aşyrmakda tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde hem-de işewür gatnaşyklary giňeltmekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna hem-de işewürlik düzümlerine ähmiýetli orun degişlidir.