Telefon batareýalarynyň ömrüni uzaltmagyň täze usuly tapylan bolmagy ahmal. Smartfonlarda we köp elektron enjamlarynda ulanylýan litiý-ion batareýalarynyň ömri belli bir wagtdan gysgalýar. Täze gözleglere görä, öz-özüni dikeltmek ukyby bolan kaliý batareýalary, öndürijiligiň peselmegine sebäp bolýan litiý-ion batareýalarynyň ýerini tutup biler.

Öz özüni dikeltmek ukyby bar bolan kaliý batareýalarynyň litiý-ion batareýalaryndan has arzan boljakdygy we uzak dowam edýändigi aýdylýar. Amerikaly bilermenler bu arzan, güýçli we ýokary öndürijilikli batareýalaryň öndürilmegine bökdençlik döredýän meseleleri araadn aýrandyklaryny aýdýarlar.

Häzirki elektron enjamlarymyzda ulanylýan litiý-ion batareýalary örän gymmat hem-de köplere mälim bolmasa-da, daşky gurşawa ýetirýän zyýany göz öňüne getirşimizden kän. Bulardan başga-da, uzak wagtlap ulanylanda öz-özünden ýangyn ýüze çykaryp bilýändigi aýdylýar.

Kaliý batareýalary ulanylyp öndürilen telefonlaryň bahasynyň ep-esli arzanlamagyna hem garaşylýar.

 

«Newashgabat».