Şu günki günde dakylýan enjamlar giň gerime eýe däldirler, emma olarda örän uly mümkinçilikler bardyr- dakylýan elektronikanyň bazary elmydama ösüş ýolundadyr. Canalys atly garaşsyz seljerme agentliginiň maglumatlaryna görä,  geçen ýylda onuň ösüşi 10% töweregi bolupdyr.

Strategy Analytics barlaglarynyň ahyrky maglumatlaryna görä, akylly sagatlaryň bazary her ýylda 1% artýar, geçen döwürde satylan enjamlaryň sany- 8mln-dan hem ýokarydyr.

Ýüzükler bilen töleg geçirmek

Modanyň we tehnologiýalaryň dünýäsini birleşdirmek synanyşyklarynda kompaniýalar galtaşyksyz (kontaktsyz) tölegler üçin NFC- çipleri ornaşdyrylan dakylýan elektronikalary, bezeg şaý-seplerini we egin-eşiklerini işläp taýýarlaýarlar.

Beýleki bazarlar ýaly, “akylly” enjamlaryň bazary depginli ösýändir we özgerýändir. Eger-de ozal hemmeler töleg geçirmek üçin terminala ýakynlaşdyrylmasy ýeterlik bolan “akylly”  sagatlar barasynda gürrüň eden bolsalar, indi bu gün smart-ýüzüklere uly umyt bildirilýär.

Ýüzükleriň öndürijileri olaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň hem-de dizaýnyny gowulaşdyrylmagyň üstünde işleýärler. Dünýäde bary-ýogy birnäçe kompaniýalar adaty şaý-sepleri «akyllylaşdyrýarlar». Olardan şular bellidir: Ringly, Kerv Wearables, Shanxi Jakcom Technology, McLear, Logbar, Mota Group, Fujitsu, Nimb, Oura, Moodmetric.

2017-nji ýylyň iýunynyň ahyrynda Token atly akylly ýüzük görkezildi. Onuň kömegi bilen eýesi satuwlary tölemäge, internet-serwislerinde awtorizirlenmäge we kompýuter ýaly eletron enjamlaryny blokirlemekden açmaga mümkinçiligi bar.

Ýüzük bank karty barasynda maglumatlary goragly saklamaga mümkinçilik berýär, öýüň we awtoulagyň açarynyň deregini tutup bilýär, şeýle hem edara girmek üçin kartoçka hökmünde hem çykyş edip bilýändir.

Ýüzügiň içinde kiçiräk çip bolup, bu çip maglumatlary we biometriki enjamy saklaýandyr. Biometriki enjam ýüzügi işletmäge maşlamak üçin barmagyň yzyny ýazyp alýar. Aýratyn optiki enjam ýüzügi işledýär-de onuň hakyky eýesiniň barmagyna geýilendigini kesgitleýär. Munuň netijesinde hem ýüzük ýitirileninde ýa-da ogurlanylanynda hem maglumatlaryň we pullaryň ýitmeginde alada etmezlik mümkindir.

***

Ýakynda  Russiýanyň «Альфа-Банк» banky hem blogerlere, žurnalistlere we müşderilerine ýörite töleg ýüzügini görkezdi. Ýörite maksat bilen, Konfederasiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşlara gabat Visa bilen  bilelikde NFC tehnologiýasyna eýe bolan antenaly ýüzügi taýýarlapdyrlar. Beýle ýüzük bilen galtaşyksyz (kontaktsyz) tölegleriň kabul edilýän ähli ýerlerinde hasaplaşmak mümkindir. Bu töleg ýüzükleri «Альфа-Банк» bankynyň öňünden tölenen kartlaryna berkidilendir.

Bilezikler bilen tölegler

Halkara derejesinde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerinde, dürli festiwallarda bank kartlary bilen däl-de bilezikler bilen hasaplaşylýar. Olary dakynmak we götermek añsat bolup, olar bilen naharhanalarda iýmit, dürli miwe şireleriniñ we sowgatlyk harytlaryñ tölegleri geçilýär. Munuñ mysaly, 2016-njy ýylda Russiýanyñ Alfa Future People festiwalynda «Альфа-Банк» tarapyndan ilkinji gezek  Mastercard tarapyndan taýýarlanylan kontaktsyz tölegler üçin bilezikler hödürlenildi. Bu usul iri we ýapyk giñişliklerde ýa-da binalarda geçirilýän festiwallarda ulanmaga amatlydyr.

***

Dakylýan enjamlar hökmünde adatça akylly sagatlar, bilezikler we ele dakylýan  beýleki zatlar göz öñüne gelýär. Emma iş ýüzünde olaryñ sany has hem köpdür. Muña aýdyñ mysal hem, ýeñinde NFC çipi bolan Lyle & Scott bPay Jacket penjegidir. Bar talap edilýän zat çipi öz bPay akkauntyña birikdirmek. We şeýlelikde, eliñi terminala golaýlatmak arkaly töleg geçirip bolýar.

***

Bu ugurda öz işlerini Barclaycard örän depginli ýagdaýda alyp barýar. Ol kontaktsyz tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýän  dakylýan enjamlary işläp taýýarlaýar. Bileziklerden başgada açarlar üçin breloklar,  telefonlar üçin ýelimler we ýörite sagatlaryñ kemerjigine dakyp bolýan tokarlar bardyr. Emma soñkularyñ töleg mümkinçilikleri ýokdur.

***

Elbetde, islendik tehnologiýanyñ giñ ýaýramagyna wagt gerekdir. Kontaktsyz tölegler käbir adamlar tarapyndan şübheli garalýandygyna garamazdan, biometriki maglumatlaryñ we akylly enjamlaryñ üsti bilen tölegler diñe bir bölek satuw ulgamynda ägirt uly özgerişlik bolman, satyn alyjylaryñ rahatlyklary we hasaplaşyklaryñ howpsuzlygy nukdaýnazaryndan uly öñegidişlikdir. Bu täze tehnologiýalaryñ haýsysynyñ giñ gerim aljagyny we başgada nähili täze  tehnologiýanyñ oýlanylyp tapyljagyny wagt görkezer.

 

 

Bagtyýar Gurbansähedow