«Facebook» kompaniýasynyň hasaplaryny jikme-jik gözden geçirýän we ulgamdaky galp hasaplary pozýan emeli intellekt (DEC) ulgamy millionlarça galp hasaplary pozdy. «Facebook» tarapyndan ulanylýan köne ulgamda, dostlarynyň sanyny we hasaby işjeň saklamak maksatly köp sanly galp hasap açyp bilýärdiler. Emma täze ulgam ulanyjynyň paýlaşan zatlaryny we hasabyny has içgin seljerýär. Ýagny, hasabyň sanawyndaky dostlaryny, kimleri yzarlaýandygyny, haýsy temalar bilen köpräk gyzyklanýandygyny gözden geçirip, hasabyň galpdygyny ýa-da hakykydygyny tapawutlandyryp bilýär.

Açylan hasabyň galpdygy barada şübhe dörese, ony doly anyklamak üçin hasabyň eýesine link goýberilýär we maglumatlary bir başdan täzeden seljerilýär. Şondan soňam galplyk ýüze çyksa, hasap pozulýar.

«Newashgabat».