Türkmenistan 400 sany Hyundai All New Super Aero City awtobuslaryny satyn alar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet ýygnagynda Karara gol çekdi. Bu resminama “Türkmenawtoulaglary” agentligine Hyundai Corporation bilen 400 Hyundai All New Super Aero City awtobuslaryny, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş materiallaryny satyn almak üçin şertnama baglaşmaga mümkinçilik berýär. Aýdylmagyna görä, awtobuslar ilata hödürlenýän ýol-ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmakdaky kynçylyklary üstünlikli çözmek üçin satyn alynýar.

Türkmenistan diňe şäheriçi ugurlarda däl, eýsem şäherara gatnawlarda hem giňden ulanylýan Hyundai awtobuslaryny birinji gezek satyn alanok. Ýadymyza düşýän bolsa, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem iri sport ýaryşlaryna gatnaşýanlara hyzmat etmek üçin Hyundai awtobuslarynyň 500 sanysy satyn alnypdy.