Finlýandiýanyň telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän Nokia kompaniýasy geçen aý 500 million ýewro karz toplady. Kompaniýa bu puly 5G ulgamy üçin enjamlaryň ösüşini çaltlaşdyrmaga gönükdirer.

Nokianyň aýtmagyna görä, ylmy-barlag we ösüş maksatlary bilen Ýewropanyň maýa goýum bankyndan alnan karz baryp 2018-nji ýylyň awgustynda ylalaşylypdy, ýöne ony almak diňe şu ýylyň fewral aýynyň ahyryna çenli mümkindi.  Kompaniýa bu mümkinçilikden 24-nji fewralda peýdalandy.

2019-njy ýylyň ahyrynda Nokia aksionerlere diwidend tölemegi bes etdi we 5G enjamyny ösdürmek üçin ozal garaşylýanyndan has köp maýa goýmaly boljakdygyny mälim etdi.

Şu hepde Nokianyň baş direktorlygyna Pekka Lundmark bellendi. Ol öň Nokiada dürli ýolbaşçy wezipelerde işläpdi, emma soňky ýyllarda Finlýandiýanyň Fortum energetika toparynyň baş direktory we Prezidenti hökmünde işledi. Onuň öňünde 5G torlarynyň ornaşdyrylýan döwründe döwründe kompaniýany öňdäki hatara çykarmak wezipesi durýar.