Bütin Ýer ýüzüniň obserwatoriýalarynda teleskoplar Ophiuchus superklasterinde partlama bolup geçendigini hasaba aldy. Bu açyş barada RIA Nowosti habar berýär. Onda partlamadan emele gelen energiýa zyňylmasynyň öňki rekorddan 5 esse ýokarydygy aýdylýar. Halkara radioastronomiýa merkeziniň professory Melani Jonston-Holitt bu partlama: “Bu gaty haýal bolup geçdi, edil ýüzlerçe million ýyl dowam edýän haýalladylan görnüşdäki partlama ýaly” diýip baha berýär. Partlama, sözüň doly manysynda, Gara girdabyň töweregindäki plazmada deşik döretdi.

Planetamyzdan 370 million ýagtylyk ýylynda ýerleşýän “Ophiuchus” superklasteri galaktikalaryň we toparlaryň giň toparydyr. Ol 1981-nji ýylda ýüze çykarylypdy.