Adatça, dabara Ženewa awtoulag sergisiniň açylyşynyň öňüsyrasynda geçirilýärdi. Bu ýyl hatda serginiň ýatyrylmagy hem ýeňijini saýlamaga we sylaglamaga päsgel berip bilmedi. Ýaryşyň netijeleri adatdakysyndan bir gün öň yglan edildi we Ýerwopada ýylyň awtoulagy şäher hatçbegi Peugeot 208 boldy.

Ýylyň awtoulagy 23 ýurtdan gelen 60 žurnalistden ybarat eminler topary tarapyndan saýlanylýar. Koronawirus sebäpli şu ýyl Ýewropanyň iň uly awtoulag sergisiniň ýatyrylmagyna garamazdan, bäsleşigi guraýjylar Ýewropany ýylyň awtoulagysyz goýmak islemediler.

Peugeot 208 şu ýyl BMW, Ford Puma, Porsche Taycan, Renault Clio, Tesla Model 3 we Toyota Corolla bilen bäsleşdi. Ol iň ýakyn bäsdeşi Tesladan 39 utuk öňe saýlandy. Şu ýerde, Peugeot 208-iň elektrik wersiýasynyň hem bardygyny aýtmalydyrys.

Şu gezekki ýeňiş Peugeot awtoulaglarynyň 56 ýyl bäri geçirilýän Ýewropa awtoulag ýaryşynda 5-nji ýeňşidir. Şeýle-de bolsa, fransuz awtoulag öndürijisiniň subkompakt hatçbegi bu baýragy ilkinji gezek aldy.

Geçen ýyl Ýewropada ýylyň awtoulagy “Jaguar I-Pace” elektrik krossoweri bolupdy.