Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň
we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda
nobatdaky brifing geçirildi.
Duşuşyk ýurdumyza ýiti wirus ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak
boýunça geçirilen çärelere bagyşlandy.
Türkmenistanda howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni
almak boýunça zerur çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylýandygy aýratyn
bellenildi. Bu işler milli kanunçylygy hasaba almak bilen, Bütindünýä saglygy
goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň ilatyň saglyk we öňüni alyş
meselelerinde bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş
işleriniň giň hem-de yzygiderli alnyp barylýandygy bellenildi, munuň özi
epidemiologiýa gözegçiliginiň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmenistanlylary zerur derman serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça uly
işler geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň ulagyň ýerüsti, demirýol,
howa we deňiz gatnawlary görnüşleriniň netijeli hem-de bökdençsiz işlemegi üçin
ähli çäreleri görýändigi bellenildi.
Häzirki wagtda maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator
kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň,
şeýle hem çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň
arasynda düşündiriş – öňüni alyş çäreleri işjeňleşdirildi. Ýurdumyzyň lukmançylyk
edaralarynda degişli okuw-amaly maslahatlar guralýar.
Türkmenistanda bu toplumlaýyn işleriň ählisiniň Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de bu
guramanyň makullamagyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.