Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2020-nji ýylyň 8-nji martyndaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirildi.

Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.