8-nji Mart – Halkara zenanlar gününde olara iň arzyly sowgat näme diýlip sowal berilse, köp kişi hökmany suratda gül diýip jogap berer. Bu, hakykatdanam, şeýle. Muňa hut şu günlerde köçelerde, bazarlarda eli gülli ýören ýigitleriň sanynyň juda kändigi hem güwä geçýär.
Gözel paýtagtymyzyň “Gülüstan”, “Çandybil”, “Köpetdag”, “Teke bazar”, “Altyn asyr Gündogar bazary” ýaly bazarlarynda, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy”, “Berkarar”, “Paýtagt”, “Bagtyýarlyk”, “Aşgabat” ýaly söwda merkezlerinde satyjylar sowgatlyk önümleriniň juda köp sanly görnüşlerini, şol sanda ter gülleri, , olaryň dürli süýjülikler, şokoladlar bilen bezelen sowgatlyk çemenlerini alyjylara hödürleýärler. Bulardan başga-da, “Roza gül”, “Ýaşyl dünýä” ýaly ýörite gülçülik, gül satmak bilen meşgullanýan dükanlar hem ildeşlerimize dürli hyzmatlaryny hödürleýärler. Has anygy, ol dükanlaryň işgärleri – tejribeli floristler gülleriň spreý roza, hrizentema, roza, orhideýa, eustoma, tulpan, gipsofila, rabilena, paporotnik, gartenziýa ýaly dürli görnüşlerini ýörite sargytlar boýunça (1 aý, 1 hepde, 1 gün tapawudy ýok) hem taýýarlap berýärler. Ol gül dükanlarynda dürli görnüşli sowgatlyk gaplar hem alyjylara hödürlenilýär. Güller dürli görnüşde – klýonka, kagyz, hatda mata dolangy çemen görnüşinde hem jemlenilip berilýär. Bularyň ählisi sargyt edýänleriň, hut şol pursatda alýan alyjylaryň isleglerine bagly.
Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
žurnalistika hünäriniň talyby.