8-nji Mart – Halkara zenanlar gününiň bellenilýän günlerinde durmuşymyzyň
bezegi, dünýäniň bar görki, berki, örki hem durky bolan mähriban enelerimiz,
uýalarymyzdyr jigilerimiz üçin olaryň özleri ýaly owadan, dürli görnüşli gülleri
taýýarlap berýän floristleriň käbiri bilen gürrüňdeş bolduk. Olaryň güller barada
aýdanlaryny saýtymyzyň okyjylaryna hödürleýäris.
Aýlar MÄTJÄÝEWA,
“Teke bazarynyň” satyjysy, florist:
— Alyjylar üçin roza, hrizentema, romaşka, liliýa, tulpan (çigildem) ýaly
gülleri hödürleýäris. Biz ýörite şu ugurdan halypalaryň ýanyna gatnap,
florist hünärini öwrendik. Meniň özüm “Roza gül” dükanyna gatnap,
halypa floristlerden köp zatlary öwrendim.
Şu günler Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli görnüşli güllerimiziň
geçginliligi örän ýokary. Sebäbi gelin-gyzlaryň baýramynda iň arzyly
sowgat – bu dogrudanam gül bolsa gerek. Muny bazarlardaky söwda hem
subut edýär. Iň esasy geçginli, iň köp alynýan gül bolsa roza (bägül) güli.
Oňa alyjylaryň islegi örän ýokary. Biz güllerimizi ýörite gaplaryň
düýbündäki oazislerde ýerleşdirýäris. Oňa gülleri dürtýäris we suw
sepýäris. Haçanda salkyn jaýda, suwda saklanan ýagdaýynda, güllerimizi
1 hepde töweregi wagtlap öz terligini ýitirmeýär. Mähribanlaryňyzyň
baýramy gutly bolsun! Olar hemişe hut şu güller ýaly owadan bolsun!!!

Meretdurdy MEREDOW,
“Roza gül” dükanynyň satyjysy, florist:
— Dükanymyzda spreý roza, hrizentema, roza, orhideýa, eustoma, tulpan,
gipsofila, rabilena, paporotnik, gartenziýa ýaly dürli görnüşli gülleri
alyjylara hödürleýäris. Şu günler dükanymyzyň gelim-gidimi örän köp.
Paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde — Azady köçesiniň 83-85-nji,
A.Nyýazow köçesiniň 133-nji, şeýle hem Magtymguly köçesiniň 185-nji
jaýynda biziň gül dükanymyzyň şahamçalary ýerleşýär. Dükanymyzyň
@Roza Gül Güller Dukany; Roza Gul NaturalFlowers; @RozaGul12;
roza_gul; Roza Gul; info@rozagul.com; www.roza.com ýaly dürli

internet salgylary hem bar. Sanly ulgam arkaly olardan peýdalanyp,
ildeşlerimiz dükanymyzyň dürli görnüşli gülleri, olaryň aýratynlyklary
hem birnäçe hyzmatlarymyz bilen tanşyp, biz bilen habarlaşyp bilýärler.
+99363010106 belgimiz boýunça hem alyjylar bilen imo sosial tory
arkaly habarlaşyp bolýar. Sargyt edilen ýerlere gülleri eltip bermek
hyzmatymyz hem mugt. Biz diňe bu baýramda däl, ýylyň ähli döwründe
hem ildeşlerimize öz hyzmatlarymyzy hödürleýäris. Ýakynlaryňyzy
hemişe, olaryň iň arzyly günlerinde-de biziň dürli görnüşli owadan hem
elýeter güllerimiz bilen begendirip duruň!
Ömrümiziň, durmuşymyzyň bezegi, dünýäniň daýanjy mährem
enelerimiziň, ähli gelin-gyzlarymyzyň baýramy gutly bolsun! Olara ähli
işlerinde rowanlyk, durmuşda hemişe “Roza gülüň” bägülleri ýaly
juwanlyk arzuw edýäris!!!

Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
žurnalistika hünäriniň talyby.