Ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Bitaraplygyň bahar gülleri” atly sergi geçirildi. Sergide eli çeper, ussat zenanlarymyzyň sünnäläp döreden el işleri, timarlap ýasan şaý-sepleri, çeken suratlarydyr keramika eserleri öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň, Türkmenistanyň at gazanan suratkeşi Annabibi Islamowanyň, Gülbahar Annagulyýewanyň, Gülara Babaýewanyň, Gözel Babaýewanyň, Bahar Gylyçlyýewanyň, Şirin Gylyjowanyň, Alma Garlyýewanyň, Aýjemal Çaryýewanyň, Oguljennet Mollaýewanyň, Gülşirin Berdiýewanyň, Jeren Çaryýewanyň, Ogulgerek Myradowanyň döreden saýlama eserleri şeýle hem ozal görülmedik, täzeçe röwüşde döredilen gaýtalanmajak eserler bu ýere ýygnananlarda çuňňur täsir galdyrdy.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halk suratkeşi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hormatly doktory Babasary Annamyradow, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýew aýal-gyzlarymyza bagyşlanan gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Şeýle-de ömrüni döredijilige bagyşlan halypa suratkeş Aman Hydyrowyň öz döreden goşgy setirleriniň üsti bilen:

Altynyň, kümüşiň gymmaty ýetmez,

Yşkyňa düşenler gijeler ýatmaz,

Işdäsi kesiler, asyl duz datmaz.

Durşuna joşgun siz, gelinler-gyzlar!

-diýip, mährem zenanlarymyzyň tarypyny ýetirmegi has-da ýakymly boldy.

— Siziň döredijiligiňiz durşy bilen gudrat. Döredýän eserleriňiz söýgüden ybarat. Isle gül, isle ýürek çekiň tapawudy ýok. Siziň döredýän eserleriňiz, edýän işleriňiz mydama şowuna. Biz munuň sebäbini ýüregiňizdäki joşgunly duýgularyň döredýän eserleriňize emer-damary bilen siňýänliginde görýäris — diýip sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Azat Annaýewiň söz sözlemegi sergä gatnaşyjy zenanlarymyzyň döredijiligine goýlan mizemez hormat hem olara berlen ajaýyp baha boldy.

Soňra açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýolbaşçylarydyr agzybir işgärleriniň adyndan sergä gatnaşyjylar üçin taýýarlanylan Hormat hatlarynyň gowşurylmagy bilen sepleşip gitdi. Serginiň dowamynda halkyň söýgüsine mynasyp bolan, estrada we milli nusgawy sazlaryň ýaňlanmagy sergini synlamaga gelenleriň göwünlerini galkyndyrdy.

Döredijilik görnüşine garamazdan, bu kesbe ömür örküni baglanlaryň ählisini bir ýere birleşdirmegi başarýar. Döredijilik bilen meşgullanýanlary bir bitewi dil, döredijilik dili birleşdirýär. Muny sergä tomaşa etmäge gelen döredijilik, sahna ussatlarynyň, aýdymçylaryňdyr, sazandalaryň ol ýerde ýaýbaňlandyrylan el işlerini, olaryň hersiniň deňinden aňsatlyk bilen sowlup bilmän, synlap duruşlaryndan äşgär aňmak bolýar. Muny Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň halk maslahatynyň agzasy, Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýewiň aýdan sözleri hem tassyklaýar.

— Her gezek zenanlarymyzyň döreden el işleriniň sergisine gatnaşanymda haýran galýaryn. Olar her sergide täze başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Indi nähili eser dörederkäler, näme oýlap taparkalar, näme getirerkäler diýip öz-özüme sowal berýärin. Ýöne her gezegem zenanlarymyz özleriniň döreden ajaýyp işleri bilen haýran galdyrýarlar. Be, bular munça ylhamy nireden alýarkalar diýip, öz-özüme sowal baryny berýärin. Bu ata-baba türkmeniň aňynda, ganynda barlygy üçinem şeýledir. Sebäbi türkmen öňden dörediji, gurujy millet hökmünde tanalýar. Ynha, ol ýerde täsin nagyşlar bilen dokalan gobelenler bar. Gyzyl gülli, matanyň ýüzüne keşdelenen el işi, suratyň ýüzünden uçup çykyp, daş-töweregiňi gurşap alaýjak mysaly görünýän kebelekler bolsa, dogrusy, daşyndan synlana janly ýaly bolup dur. Ýene bir ýola aýal-gyzlarymyzy ýetip gelen halkara zenanlar güni bilen şeýle-de olaryň el işlerine bagyşlanan serginiň açylmagy bilen gyzgyn gutlaýaryn. Goý, çeper elli, süýji dilli zenanlarymyzyň elleri ýadamasyn! Her gezek şular ýaly täsin hem täze zatlary görmek bize miýesser etsin.

Sergide peýzaž, natýurmord, portret eserler şeýle hem filosofiki döredijilik, kompozisiýa eserleri, amaly-haşam sungatynyň görnüşleri bolan özboluşly keramika işleri, milli nusgalardan gözbaş alýan şaý-seplerdir haly torbalar öz beýanyny tapdy.

Sergä gatnaşyjylaryň ählisi ajaýyp zamanada merdana gelin-gyzlarymyza döredilýän aňrybaş mümkinçilikler, berilýän üns-goldawlardyr edilýän atalyk aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Özi-de döredijilik adamy bolan milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň dik, döredijilik äleminde alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagy tüýs ýürekden arzuw edildi.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

žurnalistika hünäriniň talyby.