“Apple” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Stiw Jobsuň dul aýaly Lauren Powell Jobs adamsynyň ölüminden soň milliardlarça dollarlyk mirasy çagalaryna galdyrmak islemeýär. Ol muny “The New York Times” gazetine beren interwýusynda aýtdy. Lauren Powell Jobsuň pikiriçe, beýle uly baýlyk bir maşgalanyň elinde jemlenmeli däl. Şonuň üçin hem: “Ýaşabersem, baýlygym ömrüm bilen bile gutarar” – diýýär ol.

2004-nji ýylda Lauren Powell Jobs bilim hem-de medeni taslamalary goldamak üçin “Emerson Collective” haýyr-sahawat guramasyny esaslandyrdy. Adamsy dünýesini täzeländen soň, ol bu maksatlara has köp pul sarp etdi.

“Bloomberg” milliarderler reýtingine görä, Lauren Powell Jobsuň baýlygy 24 milliard dollara barabar bolup, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 38-nji ýerde durýar. Laureniň Stiw Jobs bilen nikasyndan üç çagasy bar – ogly Rid, gyzlary Erin we Ewa.