Halkara Futbol Assosiasiýalary Geňeşi (IFAB) hüjümkär futboly höweslendirmek maksady bilen ofsaýd düzgünine täzeden sereder diýip, “Рейтер” habar berýär. Degişli karar guramanyň Belfast şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edildi. Indi ýylyň dowamynda ofsaýd düzgünini üýtgetmek boýunça teklipler döretmek bilen bagly birnäçe maslahatlar geçiriler.

Mundan başga-da, IFAB eýýäm Tokio Olimpiýa oýunlarynda oýunçyda beýni sarsmasy ýüze çykan halatynda goşmaça oýunçy çalşygyny barlap görmäge taýýar.

Ýatladýarys, oýundan daşardaky ýagdaýyň – ofsaýdyň düzgünini üýtgetmek bilen bagly başlangyç FIFA-nyň futbolyň global ösüşi boýunça bölüminiň müdiri Arsen Wenger tarapyndan orta atyldy. Londonyň “Arsenal” toparynyň öňki halypasy hüjümçi goragçydan has köp garşydaşynyň derwezesine ýakyn bolsa, ofsaýd diýip kabul etmegii teklip etdi.