5G tehnologiýasy babatda bäsdeşlerinden yza galýandygy zerarly «Nokia» kompaniýasynyň baş direktory Rajýew Suri wezipesinden boşadyldy.

«Wall Street Journal» gazetindäki habara görä, birnäçe ýyldan bäri kompaniýada dürli wezipelerde işläp gelýän Pekka Lundmark kompaniýanyň baş müdiri wezipesine bellenildi.

Soňky ýyllarda Nokia 5G tehnologiýasyny öňe sürmek babatda Erricsson, AB we Huawei ýaly iri kompaniýalar bilen bäsleşýär. Ýatladyp geçsek, «Nokia» 2014-nji ýylda öz smartfon bölümini Microsoft-a satypdy.

«Newashgabat».