Sosial medianyň iň uly kompaniýalarynyň biri bolan «Facebook»-yň koronowirus bilen baglanyşykly çynlakaý üýtgetmeler girizýär. Ýagny, kompaniýa mundan beýläk hakykata ýakyn bolmadyk maglumatlaryň ýaýramagyna sebäp boljak we adamlary dowla düşürýän mahabatlary paýlaşmagy gadagan edýär.

«Facebook»-yň metbugat sekretarynyň berýän beýanatlaryna görä, mahabatyň bu görnüşine çäklendirmeler birneme öň güýje girdi. Bu çäklendirme, aslynda, Instagram mahabatlaryna hem öz täsirini ýetirýär. Sebäbi bu iki platformanyň bir meýilnama esasynda ýöredilýändigi hemmä mälimdir. Şonuň üçin bu täze ädimleriň Instagram-a täsir etjekdigini aýtmak ýalňyş bolmaz.

«Facebook» kompaniýasynyň bu gadaganlygy global meselä öwrülen epidemiýanyň sosial mediada  täsirini azaltmak üçindir. Adamlary dowla düşürmezlik üçin şuňa meňzeş çäreleri  beýleki platformalar hem yzygiderli geçirýär. Mysal üçin, YouTube platformasy wirus barada ýalňyş wideolary paýlaşýan ulanyjylaryň degişli wideoýazgydaky mahabatlaryny işjeňleşdirmejekdigini mälim edipdi.

«Newashgabat».