Amerikaly aýdymçy we aktrisa Ledi Gaga öz “YouTube” kanalynda “Samsyk söýgi” (“Stupid love”) aýdymynyň klibini paýlaşdy. Bu onuň 2017-nji ýyldan bäri çykaran ilkinji klibidir. Geň ýeri, klip başdan-aýak  “iPhone 11” telefonynda düşürilipdir.

Klipde iki topar özara söweş tansyny guraýarlar. Wideoda Ledi Gaga futuristik gülgüne eşiklerde peýda bolýar-da, bu hyýaly planetanyň dürli “taýpalary” bilen tans edip, söweşi duruzmaga synanyşýar.

Wideo ýarym günüň içinde 2,8 million gezek tomaşa edildi.

“Samsyk söýgi” aýdymy aýdymçynyň täze, altynjy studiýa albomynda ilkinji aýdymdyr. Myş-myşlara görä, bu albom “Hromatica” diýlip atlandyrylar we şu ýyl çykar.