«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri boýunça dürli bäsleşikler, medeni çäreler, şol sanda dil hepdelikleri işjeň ýagdaýda geçirilýär. Olarda okuwçylardyr talyplara öwredilýän şol daşary ýurt dilinde gürleýän halkyň milli ruhy gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, taryhyna, şeýle-de biziň halkymyz bilen dost-doganlykly gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär. Sebäbi dilleriň dostlugy – bu halklaryň dostlugydyr. Daşary ýurt dilini öwrenmek şol dilde gürleýän halkyň tebigatyna, ruhy durmuşyna, medeniýetine, dünýägaraýyşlaryna… belet bolmaklygy hem öz içine alýar.

Geçen hepde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen iňlis dili hepdeliginde hem bu aýratynlyklar ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Oňa uniwersitetiň ähli fakultetlerinde okaýan talyplar örän işjeň ýagdaýda gatnaşdylar. Hepdelik ýörite meýilnama laýyklykda bellenilen günlerde fakultetlerdäki degişli bölümçelerde geçirildi. Iňlis ýazyjylarynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren eserlerinden, şol sanda türkmen halk ertekilerinden parçalaryň talyplar tarapyndan iňlis dilinde sahnalaşdyrylmagy hepdeligiň täsirliligini has-da artdyrdy. Hepdeligiň dowamynda bolan iňlis dilindäki sorag-jogap bäsleşikleri, dürli dersler boýunça sapaklar, iňlisleriň ýurdy, medeniýeti, birnäçe taryhy şäherleri, tebigatynyň täsin künjekleri, häzirki zaman dünýäsinde tutýan orny baradaky tanyşdyryş-görkezme çykyşlary ähli gatnaşyjylary, şol sanda tomaşaçylary iňlis dünýäsine gaýybana syýahata alyp gitdi. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanan, parahatçylyk hem ynsanperwerlik gymmatlyklaryndan söz açýan edebi-sazly çykyşlar, çeper okaýyşlar bolsa tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen gyzgyn garşylandy.

Hepdeligiň dowamynda guralan medeni çärelerde iňlis şahyrlarynyň goşgularynyň, olara döredilen birnäçe aýdymlaryň, şol sanda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri wasp edýän aýdymlaryň iňlis dilinde ýaňlanmaklygy onuň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, ýüreklere ylham paýlady.

Hepdeligiň jemleýji gününde oňa has işjeň gatnaşyp, tapawutlanan talyplardyr mugallymlara Hormat hatlary gowşuryldy. Şular ýaly hepdelikleriň geçirilmegi talyplaryň iňlis dilini öwrenmeklige bolan höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Ýaşlarymyza daşary ýurt dillerini öwretmeklige ähli zerur şertleridir mümkinçilikleri yzygiderli döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

žurnalistika hünäriniň talyby.