Häzirki wagtda dünýäniň baş meseleleriniň birine öwrülen COVID-19 wirusynyň garşysyna derman tomusda ýa-da güýzüň başynda ABŞ-da taýýar bolup biler. Muny birleşen ştatlaryň wise-prezidenti Maýk Pens aýdýar.

“Eýýäm derman öndürýän ençeme kärhana COVID-2019-a garşy sanjymyň üstünde işleýär. Koronawirusa garşy dermanlar şu tomusda ýa-da güýzüň başynda adamlara elýeterli bolup biler” – diýip, “Politico” neşiri Penzanyň sözlerini getirýär.

Premýer-ministriň orunbasary şu günler üstünde işlenilýän sanjymyň ýakyn wagtda – iň golaý alty hepdäniň içinde synap görülmeginiň mümkindigini aýtdy.

Maýk Pens şeýle hem ABŞ-nyň derman öndürýän kompaniýalarynyň täze bir konsorsium döredendigini aýtdy. Bu konsorsiumyň döredilmegi koronawirusyň täze görnüşine garşy dermany taýýarlamak babatda işlemek hem-de maglumat alyşmak maksatlaryndan ugur alýar. Häzirki wagtda häkimiýetler ähli ünsüni COVID-19-yň ýaýramagyny azaltmaga, şeýle hem hassalary bejermäge gönükdirýärler.

Soňky maglumatlara görä, ABŞ-da 43 adama wirus ýokuşdy, alty adam öldi.