1-nji martda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Ýaşlar hem-de Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň eýesi, türkmen edebiýatynyň, milli poeziýamyzyň ir süýnen ýyldyzy şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaraly döredijilik agşamy guraldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan dabara medeniýet, sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, ýaşlar hem-de dürli kärlerde zähmet çekýän başga-da köp sanly sungat muşdaklary gatnaşdylar. Döredijilik agşamynda Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şahyr Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk suratkeşleri, Hormatly il ýaşululary Saragt Babaýewdir Babasary Annamyradow dagy çykyş edip, şahyr Gurbannazar Ezizowyň türkmen edebiýatyny baýlaşdyrmakda we kämilleşdirmekde bitiren ägirt uly hyzmatlary, onuň belent adamkärçilik sypatlary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şahyryň ömri we döredijiligi barada taýýarlanan gysga wideofilmiň görkezilmegi onuň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýän çäräniň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.

Binalary beýik, köçeleri giň, arassa hem asuda şäherleri gurmak, döretmek şahyryň arzuwy, nesillere gönükdirilen ajaýyp sargydy bolupdyr. Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artistleriniň şahyryň şygrynyň esasynda taýýarlan teatrlaşdyrylan çykyşy onuň şol beýik ündewini täsirli açyp görkezdi. Döredijilik agşamynda şahyryň sözlerine, kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazyna döredilen «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi» aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň, «Özgeleri diňledim», «Şadyýan gün» aýdymlary Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň, kompozitor Rejep Rejebowyň sazyna döredilen «Hüwdi» aýdymy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Aýna Seýitgulyýewanyň, Selbi Nyýazowanyň sazlaryna döredilen «Seniň adyňda», «Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde» aýdymlary Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Muhammetguly Kasymowyň şahyryň «Topragym», «Sungat diýmek näme?», Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artistleri, döredijilik agşamynyň alypbaryjylary Batyr Çaryýewdir Gülälek Akmyradowanyň bolsa «Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady», «Durnalar» goşgulary boýunça taýýarlan çeper okaýyşlary has-da täsirli boldy. Sahnada şahyryň keşbini janlandyran Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynyň artisti Döwletgeldi Berdiýew bolsa onuň belent ynsanperwerlik, watançylyk ündewlerine ýugrulan «Göwnüm» atly şygrynyň çeper okaýşyny ýerine ýetirdi. Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň çagalar hor toparynyň şahyryň sözlerine, kompozitor Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen «Uçuň durnalar» aýdymy hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Tahyr Ataýewiň dirižýorlyk etmeginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary orkestriniň çalan sazlary dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy.

Gurbannazar Ezizow hakynda söz açylanda, hakyky sungat ussatlary Nury Halmämmedowdyr Atageldi Garýagdyýewiň ady hem hökmany suratda dile gelýär. Çünki bular, aýdylyşy ýaly, «Üçler» adyny alan beýiklik, bir bitewilik. Ol bitewiligi biz sözüň, sazyň hem sesiň birleşmesinde görýäris, ýüregimiz bilen duýýarys. Şol bitewiligiň, şol beýikligiň bir sütüni bolsa Gurbannazarly günleriň diri şaýady bolup, biziň aramyzda ýaşap ýör. Ol Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulusy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi Garýagdyýew. Döredijilik agşamynda halypa aýdymçynyň şahyr dosty hakyndaky ýakymly ýatlamalaryny paýlaşmagy, onuň sözlerine, kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazyna «Gyzlaryma», Nury Halmämmedowyň sazyna «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok», «Dostlaryma» ýaly aýdymlaryny ýerine ýetirmegi bu ýere gelen medeniýet, döredijilik işgärleri, sungaty söýüjiler, şol sanda ýaşlar üçin tolgundyryjy pursatlara beslendi.

Dabaranyň dowamynda kinokonsert merkeziniň girelge zalynda şahyra bagyşlanyp döredilen surat eserleriniň sergisi hem guraldy.

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çäräniň juda köp adamly bolmagy halkymyzyň, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki ildeşlerimiziň «ülkämize ýazlar bilen, toý bolup gelen» şahyra, döredijilige, sungata goýýan hormatynyň hem söýgüsiniň juda belentdigini ýene bir gezek subut etdi.

 

Ýazgül EZIZOWA,

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi»

žurnalynyň baş redaktory, şahyryň gyzy:

 

— Hormatly Prezidentimiz sungata, döredijilik adamlaryna örän uly sarpa goýýar. Muny milli Liderimiziň watançylyk häsiýetli çykyşlarynda, ýaşlara öwüt-ündewlerinde şahyrlarymyzyň, şol sanda kakam Gurbannazar Ezizowyň hem şygyrlaryna salgylanýandygy-da subut edýär.

Şu gün kakamyň 80 ýyllyk ýubileýini belleýäris. Kakam: «Şäher guruň, penjiresi giň bolsun, säher Gün şähere başyny egsin, binýady berk belent-belent jaýlara, awara durnalaň ganaty degsin» diýip sargyt edipdir. Kakamyň şol arzuwlary bu günki gün wysalyna gowuşdy. Biz Gahryman Arkadagly Diýarymyzda şeýle belent, ak mermerli jaýlarda ýaşaýarys. Sungata goýýan hormaty, şahyrlarymyzy, ýazyjylarymyzy hatyralamaga döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok.

Atageldi GARÝAGDYÝEW,

Türkmenistanyň halk artisti,

Hormatly il ýaşulusy, şahyryň dosty:

— Gurbannazar şeýle beýik ynsandy, hakyky şahyrdy. Meni onuň bilen Moskwa okuwa gitmezimden öň Nury Halmämmedow tanyşdyrypdy. Men ol mahallar Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okaýardym. Nury Halmämmedow şol ýerde mugallym bolup işleýärdi.

Biz üç dost bolup, ýygy-ýygydan görşüp durýardyk. Gurbannazar şygyr ýazardy, Nury onuň sazyny dörederdi, men bolsa ony aýdym edip aýdardym…

Duýdansyz gelen ajal şahyr dostumyzy aramyzdan sogrup alyp gidipdi. Bu diňe biziň däl, tutuş halkymyzyň, edebiýatymyzyň uly ýitgisi bolupdy. Häli-häzirlerem şahyr biziň aramyzda ýaşap ýören ýaly, ýöne ol bize ýetenok… Onuň bize ýetmeýändigi örän ýiti duýulýar. Şahyryň hormat-sarpasy bolsa barha artyp gidip otyr. Muny şu günki dabara – şahyryň 80 ýyllyk ýubileýine üýşen mähelläniň köplügi hem subut edýär…

Hormatly Prezidentimize medeniýet, sungat ussatlaryna, döredijilige goýýan şeýle belent sarpasy üçin köp sagbolsun aýdýarys.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

žurnalistika hünäriniň talyby.