2-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy, Ýaşlar hem-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şahyr Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, aýratyn-da, türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary işjeň gatnaşdylar.

Duşuşykda halypa şahyr edebiýatyň, şygryýetiň näzik dünýäsi, ýüregi ylhamly adamyň hem ezýetli, hem lezzetli hysyrdylary, öz durmuş we döredijilik ýoly hakynda täsirli wakalary gürrüň berdi. Şeýle-de ussat halypa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitleri, türkmen Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti barada gürrüň edip, şu gymmatlyklaryň gadyryny bilmegi ýaşlara sargyt etdi. Söz sungatynyň muşdaklary bolan talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara halypa şahyrdan degerli jogaplary aldylar. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaş zehinli talyplara şahyr birnäçe gymmatly maslahatlaryny berdi.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewa, şeýle-de uniwersitetiň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçy talyplary şahyryň sözlerine döredilen birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler. Uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary şahyryň goşgularyna çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda döredijilik bilen meşgullanýan zehinli talyplar halypa şahyr bilen ýadygärlik suratlara düşdüler.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň

žurnalistika hünäriniň talyby.