Germaniýanyň Bundesligasynyň esasy topary bolan Bawariýa topary futbolçylaryna we tehniki toparyna koronawirusyň ýokuşmak ähtimallygy sebäpli türgenleşigi görmäge gelen janköýerler bilen el gysyşmagy we selfi düşmegi çäklendirdi.

Koronawirus sebäpli dürli ýurtlarda futbol oýunlary yza süýşürilenden soň, futbol klublary hem bu babatda dürli çäreler geçirip başlady. Germaniýanyň Bundesligasynyň geçen möwsüminiň çempiony Bawariýa, futbolçylaryny goramak üçin şeýle karara geldi.  Nemes topary özüniň resmi saýtynda futbolçylara we tehniki topara türgenleşige gelen janköýerler bilen elleşmegi we selfi düşmegi gadagan edýändigini mälim etdi. Topar, Münhen şäheriniň saglygy goraýyş edarasy bilen hemişe aragatnaşyk saklaýandyklaryny we gelnen bu karara janköýerleriniň dogry düşünjekdiklerine bil baglaýandyklaryny aýtdy.

Angliýanyň premýer-ligasynyň toparlaryndan “West Hem Ýunaýted” we “Nýukasl Ýunaýted” hem şahsy kollektiwine şol gadaganlygy girizen klublaryň arasynda.

«Newashgabat».