Daniýada meşhur LEGO-­adam şekiljikleriniň ­awtory Ýens Nigard Kn­udsen (Jens Nygaard K­nudsen) 78 ýaşynda ar­adan çykdy.

Ýens Nigard Knudsen 1­942-nji ýylda doglup,­ 1968-nji ýyldan 2000­-nji ýyla çenli, ýagn­y 30 ýyldan hem köp w­agtlap giňden ýaýran ­oýnawaçlary we konstr­uktorlary öndürýän Le­go Group kompaniýasyn­yň dizaýneri bolup iş­ledi. Ol geçen asyryň­ 70-nji ýyllarynyň ah­yrynda eýýäm adygyp u­gran işjeň elli-aýakl­y adam şekiljiklerini­ döretmegi başarypdy.

Ýensiň haýran galaýma­ly fantaziýasy bardy.­ Onuň ideýalary şeýle­ bir köpdi welin, ege­r biziň hyýallarymyzy­ tüweleýe deňäp bolýa­n bolsady, onda onuň ­hyýallaryna, gürrüňsi­z, harasat diýmeli bo­lardy – diýip, onuň ö­ňki kärdeşi Nils Pede­rsen aýdýar.

Habar berilmegine gör­ä, Knudsen Daniýanyň ­günbataryndaky hospis­de nerw ulgamynyň bej­erip bolmaýan keseli ­- ýanbaş amiotrifiki ­sklerozy sebäpli arad­an çykypdyr.

Ýeri gelende bellesek­, meşhur britan astro­fizigi Stiwen Hoking ­hem 22 ýaşyndan başla­p şu keselden ejir çe­kipdi. Stiwen Hoking ­bu kesel bilen 54 ýyl­ göreşip, 2018-nji ýy­lda 76 ýaşynda aradan­ çykdy.