28-nji fewralda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Desga bu konserniň buýurmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda, hususan-da, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýmagynda «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.

Ýeri gelende aýtsak, 2015-nji ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň barşynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň esasynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (KOIСA) arasynda bilelikdäki resminama gol çekildi. Şol resminama laýyklykda, bu mekdebiň täze binasynyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşyldy.

Täze desganyň umumy meýdany 2 müň 927 inedördül metrden gowrakdyr. Bu binada ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, amaly okuwlary geçmek üçin döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň 16-sy ýerleşýär.

Täze okuw binasynda talyplar dört ugur boýunça: mehanika (maşyn gurluşygyň tehnologiýasy), senagat enjamlary (senagat abzallaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak), elektrik (elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy) hem-de informasiýa we hasaplaýyş tehnikasy (maglumat ulgamlary) bilim alarlar. Umuman, mekdebiň düzümindäki bu täze okuw binasy 240 okuwça niýetlenendir.

Täze okuw binasynyň ähli düzümi dolandyryş desgasyny, okuw binalarynyň (täzesini hem hasaba alanyňda) üçüsini hem-de talyplaryň 250 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny özünde jemleýär. Häzirki wagtda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin geljekki hünärmenleriň 1 müň 900-si bilim alýar.

Diňe ugurdaş hünärler we sanly tehnologiýalar boýunça okuw mekdebi her ýyl ýaşlaryň 700-sini kabul edýär. Şol ýaşlar 18 hünär boýunça bilim alýarlar.