28-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň baş metjidinde — Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulular bilen bilelikde häzirki Marynyň binagärlik toplumynyň hakyky bezegi bolup durýan metjide bardy. Soňra hajy Arkadagymyz mukaddes Mekgeden özüne ýadygärlik sowgat diýlip iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügiň ajaýyp ylahy gymmatlyk hökmünde Mary welaýatynyň baş metjidinde goýulýandygyny aýtdy.

Şeýle hem şol gün Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Marynyň baş metjidine awtoulag sowgat berildi.

Sebitiň baş metjidi welaýatyň ýaşaýjylarynyň haýyşy boýunça 2009-njy ýylda guruldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu asylly iş üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan serişdeleri bölüp berdi. Dindarlaryň haýyşy boýunça metjit Gurbanguly hajy metjidi diýlip atlandyryldy.

Ak mermerli metjit şäheriň esasy ajaýyplyklarynyň biridir. Bina milli binagärligiň iň gowy däpleriniň esasynda guruldy. Ýokarsynda altynsow reňkli ýarymaý şekillendirilen, nagyşlar bilen bezelen esasy gümmeziň diametri 24 metre barabardyr. Dört minaranyň her biriniň beýikligi 63 metrdir. Namaz okalýan zal bir wagtyň özünde 2,5 müň adamyň namaza durmagy üçin niýetlenendir. Metjidiň ýokarky gaty zenanlara niýetlenendir. Gümmezi sütünleriň 8-si saklaýar.

2018-nji ýylda geçirilen abadanlaşdyryş işleriniň netijesinde Gurbanguly hajy metjidi täze keşbe eýe bolup, ajaýyplygy bilen şäheriň ýaşaýjylarynyň hem-de köp sanly zyýaratçylaryň buýsanjyna öwrüldi.