XXI asyryň iň gowy romanlarynyň sanawyny düzmäge onlarça edebiýat tankytçysy gatnaşdy. Sanawyň başyny Juno Diazyň “Oskar Waonyň gysga hem täsin ömri” (“The Brief Wondrous Life of Oscar Wao”) atly romany çekýär.

Juno Diaz Dominikan Respublikasynyň paýtagty Santo-Domingoda dogulýar. Haçan-da ol 6 ýaşanda, onuň maşgalasy Amerika göçüp gelýär we Nýu-Jerside ýerleşýär.
Ýazyjynyň “Oskar Waonyň gysga hem täsin ömri” romany 2007-nji ýylda ýazylýar. Tiz wagtyň içinde okyjylaryň söýgüsini gazanmagy başaran roman 2008-nji ýylda Puliser baýragyna mynasyp bolýar.

“Oskar Wao latyn amerikalylaryň ata-babalarynyň medeniýeti, dili we taryhy bilen berk baglanyşygynyň subutnamasydyr. Şeýle hem, roman amerikalylaryň kimdigi we amerikaly bolmagyň manysy barada möhüm soragy öňe çykarýar. Diaazyň kyssasy dominikan başdan geçirmelerinden, komikslerden, ylmy fantastikadan, jadyly realizmden we çeper sitatalardan doly bolup,  arassa lezzet berýär” – diýip, tankytçy Greg Barrios belleýär.

XXI asyryň iň gowy 12 romany:

  1. “Oskar Waonyň gysga hem täsin durmuşy” –  amerikaly ýazyjy Juno Diaz (2007)
    2. “Mälim dünýä” – amerikaly žurnalist, romançy we nowellaçy Edward Pol Jones (2003).
    3. “Wolfgall” – iňlis ýazyjysy, edebiýatşynasy Hilary Mantel (2009)
    4. “Gilead” – amerikaly ýazyjy Merilin Robinson (2004)
    5. “Düzedişler” – ABŞ-ly ýazyjy ýazyjy Jonatan Franzen (2001)
    6. “Kawalieriň we Kleýiň haýran galdyryjy başdan geçirmeleri” – amerikaly ýazyjy, ssenarist Maýkl Şaýbon  (2000)
    7. “Kellekeserleriň otrýadynda görme-görüşde” – amerikaly ýazyjy Jennifer Egan (2010)
    8. “Billi Linnyň futbol arakesmesindäki uzak gezelenji” – Ben Fontan (2012)
    9. “Bagyşlanma” – iňlis ýazyjysy, ssenarist we dramaturg Ian MakEwan (2001)
    10. “Sary günüň ýarysy” – nigeriýaly ýazyjy we mugallym Cimamanda Ngozi Adiçi  (2006)
    11. “Ak dişleri” – iňlis ýazyjysy Zadi Smit (2000)
    12. “Middlesex” – amerikaly Jeffri Ewgenidis (2002)