Şu güne çenli Apple kompaniýasy dünýäniň iň köp akylly telefon modellerini satan kompaniýasy adyna eýe bolup gelýär. Onuň bu ugurda esasy bäsdeşi bolsa Samsung kompaniýasydyr.

2019-njy ýylyň iň köp satylan telefony hökmünde iPhone XR sanawyň başynda ýer alýar. Ýurdumyzda-da hem meşhur, hem ýörgünli bolan Apple kompaniýasynyň akylly telefonlary sanawyň ikinji ornuny hem hiç kime berenok. Ýagny, iPhone 11 sanawyň ikinji basgançagynda.

Sanawyň 3-nji, 4-nji we 5-nji orunlary bolsa bize tanyş bolan, lider markalaryň arasynda hem öz ornuny tapan Samsung kompaniýasynyň önümleri eýeleýär. Kompaniýanyň esasy akylly telefon markalary şular: Galaxy A10, Galaxy A50 we A20.

Mahlasy, ilkinji onlugyň 5 sanysy iPhone, 4 sanysy Samsung modelli akylly telefonlara degişli. Xiaomi kompaniýasynyň Redmi Note 7 akylly telefony bolsa iň köp satylan akylly telefonlaryň arasynda 8-nji ýeri eýelemek bilen, ilkinji onluga girýär.

2018-nji ýylda hem sanawyň ilkinji üçlügini eýelän iPhone modelleri, 2019-njy ýylda hem satuw işjeňligini hem-de meşhurlygyny saklap bilipdir. 2020-nji ýylda-da Apple kompaniýasyndan täze akylly telefon önümleri bilen uly üstünlik gazanjakdygyna garaşylýar.

 

«Newashgabat».